GEF Türkmenistan bilen FAO-nyň bilelikdäki taslamalaryna $15-20 million gönükdirer

BT
GEF Türkmenistan bilen FAO-nyň bilelikdäki taslamalaryna $15-20 million gönükdirer

Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO) umumy maliýe möçberi 15–20 million ABŞ dollaryna barabar bolan dört sany täze taslama gol çekdi. Bu serişdeler Global ekologiýa fondy (GEF) tarapyndan üpjün ediler. Bu barada 2026-njy ýylyň 5-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ýurduň FAO bilen hyzmatdaşlygyna bagyşlanan brifingde mälim edildi diýip, “nCa” neşiri habar berýär.

Çärä Türkmenistanyň DIM-niň, diplomatik wekilhanalaryň, halkara guramalaryň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Brifingiň barşynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa, şeýle hem wideoaragatnaşyk arkaly FAO-nyň Baş direktorynyň orunbasary, Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça sebit wekili Wiorel Gusu çykyş etdiler.

Habarda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistan bilen FAO oba hojalygyny sanlylaşdyrmak, pagta önümçiliginiň durnuklylygyny üpjün etmek, zyýan berijilere garşy göreş, haýwanlary identifikasiýa etmek ulgamyny ornaşdyrmak hem-de däneli ekinleri goramak ýaly ugurlary öz içine alýan 30-dan gowrak bilelikdäki taslamany durmuşa geçirýär.

Mundan başga-da, Türkmenistan bilen FAO-nyň arasynda 2026–2030-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň täze çarçuwaly Ýurt maksatnamasy taýýarlanyldy.

Global ekologiýa fondy tarapyndan maliýeleşdirilýän täze taslamalar durnukly agrosenagat ulgamlaryny ösdürmäge, oba hojalygynyň howa şertlerine durnuklylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Ozal, 2025-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistan bilen BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO) ýurtda FAO-nyň wekilhanasyny açma hem-de tehniki ýardam bermek hakynda Ylalaşyga gol çekdiler.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022
ENG TM РУС