Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi Türkmenistanyň Prezidentiniň döwlet maksatnamalaryna we Kararlaryna laýyklykda, birleşmäniň agzalaryny Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde, Bereket, Gyzylarbat hem-de Esenguly etraplarynda birnäçe desgalary gurmak boýunça hyzmatdaşlyga çagyrýar. Bu barada “Balkan” gazetiniň penşenbe güni çap edilen sanynda habar berilýär.
Habarda bellenilişi ýaly, Balkanabat şäherinde ösen senagat zolagynda önümçilik desgalarynyň, hususy gurluşyk kompaniýalarynyň önümçilik bazasynyň, azyk önümlerini saklamak üçin sowadyjy ammaryň gurulmagy göz öňünde tutulýar.
Şeýle hem welaýatyň Bereket etrabynda maldarçylyk fermasyny gurmak, suw tygşytlaýjy usullary ornaşdyryp, miweli baglary ösdürip ýetişdirmek meýilleşdirilýär. Türkmen telekeçileri Bereket etrabynyň Galkynyş şäherçesinde toý mekany, hyzmatlar öýüni, söwda merkezini gurmaga çagyrylýar.
Balkanabat şäheriniň Jebel şäherçesinde keramzit öndürýän kärhana, sement öndürýän zawod, Esenguly etrabynyň Ekerem şäherçesinde bolsa ýod öndürýän zawod gurlar.
Bulardan başga-da, Gyzylarbat etrabynda toý mekan, iki sany azyk we senagat harytlary dükany gurular we balykçylyk hojalygy dörediler.
Şeýle-de Türkmenistanyň Prezidentiniň döwlet maksatnamalaryna we Kararlaryna laýyklykda, Türkmenbaşy etrabynda artemiýa salina leňňeçleriniň guradylan ýumurtgasyny öndürýän kärhana, maldarçylyk toplumy, Etrek etrabynda iki sany ýylda 10 tonna et öndürýän maldarçylyk toplumy gurlar.


















