Ýanwar 2026: Türkmenistanda jemi öndürilen önüm 10 göterim ýokarlandy

BT
Ýanwar 2026: Türkmenistanda jemi öndürilen önüm 10 göterim ýokarlandy
Türkmenistanda alnyp barylýan önümçilikden bir pursat

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň ýanwar aýynda jemi öndürilen önümiň 10 göterim ýokarlanandygyny habar berdi. 

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy, şol sanda ösüş depgini senagat pudagynda 2 göterime, gurluşykda 6 göterime, ulag-aragatnaşyk pudagynda 9,3 göterime, söwdada 8,2 göterime, oba hojalygynda 2 göterime, hyzmatlar ulgamynda 8,5 göterime deň boldy.

Wise-premýer bölek satuw haryt dolanyşygynyň 10,1 göterim artandygyny, şeýle hem döwlet býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasynyň 102,2 göterim, çykdajy böleginiň meýilnamasynyň bolsa 97,1 göterim ýerine ýetirilendigini aýtdy.

Habarda bellenilişi ýaly, hasabat döwründe býujetden maliýeleşdirilýän we hojalyk hasaplaşygyndaky döwlet kärhanalarynda zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ykdysadyýet, maliýe we bank toplumynyň işini kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň möhümdigini aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň döwlet Baştutany wise-premýere ýurdy ösdürmek boýunça 2026-njy ýylda bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmegi, jemi içerki önümiň ösüş depginini durnukly saklamak, pudaklary ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri ilerletmegi tabşyrdy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022