Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň orunbasary Nökerguly Atagulyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde şu ýylyň ýanwar aýynda Türkmenistanyň döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan (TDHÇMB) 26 birža söwdasy geçirilip, olarda 2 müň 361 şertnama hasaba alynandygyny habar berdi.
Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, wise-premýer Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, söwda dolanyşygynyň ösüş depgininiň 111,4 göterime, öndürilen önümleriň ösüş depgininiň 100,1 göterime barabar bolandygy barada hasabat berdi.
Hasabata görä, Dokma senagaty ministrligi boýunça önüm öndürmekde, geçen ýylyň degişli döwrüne görä, 100,8 göterim, şol sanda nah ýüplügiň önümçiliginde 100 göterim, nah matalaryň önümçiliginde 102,4 göterim, gön önümleri babatda 115,3 göterim ösüş gazanyldy. “Türkmenhaly” döwlet birleşigi boýunça önüm öndürmegiň meýilnamasy 104,1 göterim ýerine ýetirildi.
Şeýle hem mejlisde 2026-njy ýylyň ýanwar aýynda Söwda-senagat edarasy boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgininiň 116,3 göterime, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmegiň ösüş depgininiň 106,5 göterime, senagat önümlerini öndürmegiň ösüş depgininiň bolsa 105,1 göterime deň bolandygy aýdyldy.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurduň söwda, dokma we telekeçilik pudaklarynyň işini ösdürmegi dowam etdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany wise-premýere ýurduň bazarlaryny hem-de söwda nokatlaryny azyk we beýleki zerur harytlar bilen üpjün etmek, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işini yzygiderli kämilleşdirmek boýunça işleri işjeňleşdirmegi tabşyrdy.


















