Merkezi Aziýada möhüm çig mallaryň taslamasy işe girizilýär

BT
Merkezi Aziýada möhüm çig mallaryň taslamasy işe girizilýär
Daşlaryň gazylyp alynýan pursady (Surat: vijesti.me)

BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk boýunça müdirliginiň sebit edarasy Ýewropa Bileleşiginiň maliýe goldawy easasynda BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy bilen bilelikde “Howpsuz möhüm çig mallar (CRMs): Merkezi Aziýada CRMs üpjünçilik zynjyrlaryny berkitmek” atly üç ýyllyk taslamanyň işe girizilendigini habar berdi. 

BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk boýunça müdirliginiň habar bermegine görä, bu taslama litiý, kobalt, marganes, mis, seýrek duş gelýän ýer elementleri we beýleki möhüm minerallary gazyp almak boýunça uly mümkinçiliklere eýe bolan bäş ýurdy —  Türkmenistan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan we Özbegistany öz içine alýar.

Bu taslama serişdeleri durnukly dolandyrmak boýunça halkara standartlaryny ornaşdyrmaga, döwlet edaralarynyň we hünärmenleriň mümkinçiliklerini ösdürmäge, şeýle-de sebit hyzmatdaşlygyny we bilim alyş-çalyşygyny berkitmäge gönükdirilendir.

Halkara energetika agentliginiň maglumatlaryna görä, möhüm çig mallara bolan dünýä islegi 2040-njy ýyla çenli dört esse artyp biler. Bu bolsa sebiti, şol sanda Ýewropa Bileleşigini hem öz içine almak bilen, durnukly üpjünçilik zynjyrlaryny emele getirmekde strategik taýdan möhüm bolup durýar.

Taslamanyň durmuşa geçirilmeginiň sebitde ykdysady durnuklylygy berkitmäge hem-de global “ýaşyl” üpjünçilik zynjyrlarynyň ösmegine ýardam berer diýlip garaşylýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022