Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň nebitgaz pudagyna täze ýolbaşçylary belledi

BT
Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň nebitgaz pudagyna täze ýolbaşçylary belledi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň nebitgaz toplumy boýunça täze bellenilen orunbasary Guwanç Agajanow (Surat: "Watan habarlary")

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýurduň nebitgaz pudagyna birnäçe täze ýolbaşçylary wezipä belledi. Bu barada Türkmenistanyň “Watan habarlary” gepleşigi habar berdi.

Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Batyr Amanowy Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň nebitgaz toplumy boýunça orunbasary wezipesinden boşatdy. Türkmenistanyň döwlet Baştutany “Türkmennebit” döwlet konserniň başlygy Guwanç Agajanowy, şol bir wagtda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň nebitgaz toplumy boýunça orunbasary wezipesine belledi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşyrguly Begliýewi pensiýa gitýänligi sebäpli Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi wezipesinden boşatdy.

Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde 2025-nji ýylda ýurtda alnyp barylan işleriň jemleri jemlenildi we Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, käbir ministrlikleriň ýolbaşçylarynyň, welaýat häkimleriniň hasabatlary diňlendi. Şeýle hem mejlisde ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça 2026-njy ýylda öňde durýan wezipeler, ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022