Türkmenistanda Awtomobil ýollary ministrligi döredildi

BT
Türkmenistanda Awtomobil ýollary ministrligi döredildi
Türkmenistanyň çägindäki awtomobil ýoly

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Awtomobil ýollarynyň gurluşgyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligini, Türkmenistanyň Awtomobil ýollary ministrligine öwürmek barada Permana gol çekýändigini aýtdy. Bu barada “Watan habarlary” gepleşigi habar berdi.

Bu Perman Türkmenistanyň awtomabil ýollaryny döwrebaplaşdyrmak, ýol ulag ulgamynyň işini hasda kämilleşdirmek maksady bilen kabul edildi. Bu barada “Watan habarlary” gepleşigi habar berdi.

Türkmenistanyň döwlet Baştutany ýurduň Awtomobil ýollary ministri wezipesine Hangeldi Kerimowy belledi.

Mundan başga-da Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýurduň nebitgaz pudagyna birnäçe täze ýolbaşçylar wezipä bellenildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022