Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde “Türkmenhimiýa” döwlet konserniň başlygy wezipesine Resul Myradowy belledi. Bu barada Türkmenistanyň “Watan habarlary” gepleşigi habar berdi.
Türkmenistanyň “Watan habarlary” gepleşiginiň habar bermegine görä, Resul Myradow täze wezipä bellenilip, senagat we gurluşyk önümçiligi ministriniň orunbasary wezipesinden boşadyldy.
“Türkmenhimiýa” döwlet konserniň täze bellenilen başlygy jogapkärçilikli wezipäniň özüne ynanylandygy üçin Türkmenistanyň Prezidentine minnetdarlyk bildirip, bu jogapkärçilikli wezipede konserniň hünärmenleri bilen bilelikde halal we tutanýerli zähmet çekjekdikleri barada aýtdy.
Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Batyr Amanowy Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň nebitgaz toplumy boýunça orunbasary wezipesinden boşatdy. Türkmenistanyň döwlet Baştutany “Türkmennebit” döwlet konserniň başlygy Guwanç Agajanowy, şol bir wagtda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň nebitgaz toplumy boýunça orunbasary wezipesine belledi.
Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde 2025-nji ýylda ýurtda alnyp barylan işleriň jemleri jemlenildi we Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, käbir ministrlikleriň ýolbaşçylarynyň, welaýat häkimleriniň hasabatlary diňlendi. Şeýle hem mejlisde ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça 2026-njy ýylda öňde durýan wezipeler, ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.


















