Türkmenistan bilen Astrahan işewürlik geňeşiniň mejlisini geçirmek meselesini maslahatlaşdy

BT
Türkmenistan bilen Astrahan işewürlik geňeşiniň mejlisini geçirmek meselesini maslahatlaşdy
Gadam Ilamanowyň Wladimir Golowkow bilen duşuşygy, 2026-njy ýylyň 17-nji fewraly, Astrahan (Surat: astrobl.ru)

Türkmenistanyň Astrahandaky konsuly Gadam Ilamanow Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň daşary aragatnaşyklar ministri Wladimir Golowkow bilen geçiren duşuşygynda işewürlik meseleleri boýunça Türkmenistan — Astrahan bilelikdäki geňeşiň nobatdaky mejlisine taýýaryk görmek meselesini ara alyp maslahatlaşdy. Bu barada sişenbe güni “Lenta nowosteý Astrahani” neşiri sişenbe güni habar berdi.

Taraplar 2025-nji ýylyň ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklaryny pugtalandyrmak üçin esasy döwüre öwrülendigini bellediler. Wladimir Golowkowyň aýtmagyna görä, degişli ýylyň jemleri boýunça Astrahan welaýatynyň Türkmenistan bilen haryt dolanyşygy 38 göterim ýokarlandy. Balyk önümleriniň iberilişi dört esse artdy, bugdaý ununyň eksporty bolsa üç esseden hem köp ýokarlandy.

Sebitde Türkmenistanda öndürilen taýýar dokma önümleriniň importy dört esse artdy. Şeýle netijä geçen ýyl Astrahanda ýerleşýän “Meniň biznesim” merkezinde geçirilen Türkmenistanyň döwlet dokma kärhanalarynyň wekilleriniň işewürlik saparynyň netijesinde ýetildi.

Duşuşygyň dowamynda Demirgazyk — Günorta halkara ulag geçelgesini ösdürmek, Astrahan sebitiniň portlary bilen Türkmenbaşy portunyň arasyndaky hyzmatdaşlygy dowam etdirmek, gämi gurluşyk we gämi abatlaýyş kärhanalarynyň kooperasiýasy, şeýle hem doganlaşan Astrahan bilen Türkmenbaşy şäherleriniň arasynda özara hyzmatdaşlyk meselelerine aýratyn üns berildi.

Wladimir Golowkow Gadam Ilamanowa netijeli hyzmatdaşlyk üçin minnetdarlyk bildirip, şu ýylda hem bilelikdäki işleriň dowam etdiriljekdigine uly ynam bildirdi.

2022