2026: Türkmenistanyň Hökümeti bilen ÝHHG-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň meýilnamasy tassyklanyldy

BT
2026: Türkmenistanyň Hökümeti bilen ÝHHG-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň meýilnamasy tassyklanyldy
Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk maslahatynyň Helsinki jemleýji namasynyň kabul edilmeginiň 50 ýyllygyna bagyşlanan forum, 2025-nji ýylyň 22-nji apreli, Aşgabat, Türkmenistan

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer Raşid Meredow tarapyndan teklip edilen Türkmenistanyň Hökümeti bilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 2026-njy ýyl üçin iş meýilnamasyny makullap, wise-premýer, daşary işler ministrine degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, halkara guramalar, şol sanda ÝHHG bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek döwletimiziň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzyň bu gurama bilen gatnaşyklary syýasy, ykdysady, daşky gurşaw, ynsanperwer ugurlar boýunça alnyp barylýar.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň hasabatyna görä, bu meýilnama howpsuzlygy, parahatçylygy berkitmäge, durnukly ösüşi gazanmaga we ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmäge, hususan-da, öňüni alyş diplomatiýasyny ösdürmäge, gümrük, serhet, kiberhowpsuzlygy ýokarlandyrmaga, ykdysadyýeti we sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek, energiýanyň netijeliligini ýokarlandyrmak, ekologik howpsuzlygy berkitmek, howanyň üýtgemegi bilen bagly möhüm meseleleriň çözülmegine, bilim-ylym ulgamlarynda, adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramakda, ýurdumyzyň demokratik institutlarynyň binýadyny pugtalandyrmakda, gender deňligini üpjün etmekde, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini ösdürmekde degişli çäreleriň geçirilmegine gönükdirilen birnäçe işleri öz içine alýar. 

Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

2022