Türkmen ilçisi Awstriýanyň, Estoniýanyň ÝB-däki wekilleri bilen Bileleşikdäki hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

BT
Türkmen ilçisi Awstriýanyň, Estoniýanyň ÝB-däki wekilleri bilen Bileleşikdäki hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy
Sapar Palwanowyň Gregor Şusterşis bilen duşuşygy, 2026-njy ýylyň 23-nji fewraly, Brýussel, Belgiýa (Surat: Türkmenistanyň Belgiýadaky Ilçihanasy)

Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigindäki ilçisi Sapar Palwanow Brýusselde Awstriýanyň we Estoniýanyň Ýewropa Bileleşigindäki hemişelik wekilleri bilen iş duşuşyklaryny geçirdi. Duşuşyklaryň dowamynda Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri, şeýle hem “ÝB – Merkezi Aziýa” formatynyň ösdürilmegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Belgiýadaky Ilçihanasy duşenbe güni habar berdi.

Awstriýanyň Ýewropa Bileleşigindäki hemişelik wekili Gregor Şusterşis bilen geçirilen duşuşykda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň derejesine ýokary baha berdiler we ýokary derejede yzygiderli gatnaşyklaryň alnyp barylýandygyny, şeýle hem işewür toparlaryň arasynda işjeň hyzmatdaşlygyň bardygyny bellediler. Şeýle hem konstruktiw syýasy dialogyň we ykdysady gatnaşyklary giňeltmegiň hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmak üçin esas döredýändigi nygtaldy.

Taraplar meýilleşdirilýän we öňde boljak bilelikdäki çärelere oňyn baha berip, olaryň ikitaraplaýyn hem-de sebitara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi üçin möhümdigini bellediler.

Şol gün Sapar Palwanow Estoniýanyň Ýewropa Bileleşigindäki hemişelik wekili Lauri Kuusing bilen hem duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen özara gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy, şeýle hem “ÝB – Merkezi Aziýa” formatynyň ösüş depgini ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşyklaryň netijeleri boýunça taraplar Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygyny, şeýle hem “ÝB – Merkezi Aziýa” formatyndaky özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen yzygiderli aragatnaşyklary we maslahatlaşmalary dowam etdirmegi tassykladylar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022
ENG TM РУС