Türkmenistan ABŞ-nyň Florida ştaty bilen göni gatnaşyklary ýola goýmakçy

BT
Türkmenistan ABŞ-nyň Florida ştaty bilen göni gatnaşyklary ýola goýmakçy
Florida uniwersiteti, ABŞ (Surat: collegeright.com)

Biz Türkmenistan bilen ABŞ-nyň Florida ştatynyň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmak, umumy bähbitlere laýyklykda peýdalanyp boljak güýçli taraplary we mümkinçilikleri birleşdirmek üçin ulanmak isleýäris diýip,  türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ABŞ-a saparynyň çäklerinde “Al-Arabiýa” teleýaýlymyna beren interwýusynda aýtdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty şenbe güni habar berdi.

“Bu ýerde gürrüň işewürlik hyzmatdaşlygy, maýa goýum işi, söwda ulgamynda haýsydyr bir ylalaşyklary gazanmak barada barýar. Şeýle-de Florida ştatyndaky sport desgalarynyň gurluşygyny, umuman, sport işiniň guralyşy boýunça tejribäni öwrenmek isleýäris” diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň meşhur ahalteke atlarynyň watanydygyny aýdyp, häzirki wagtda ýurtda atçylyga aýratyn üns berilýändigini belledi. Şunyň bilen baglylykda, Gurbanguly Berdimuhamedow Florida ştatynda-da bu ugruň giňden ösendigini we meşhurdygyny nygtady we ýurduň özara tejribeleri, bilimleri birleşdirmegi teklip etýändigini aýtdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ABŞ-a saparynyň çäklerinde “Nicklaus Companies” kompaniýasynyň prezidenti Jon Riz we kompaniýanyň ýolbaşçy düzüminiň wekilleri bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow “Nicklaus Companies” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesiniň toplanandygyny belläp, Arkadag şäherinde we “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda döwrebap golf meýdançalarynyň gurulmagynyň meýilleşdirilýändigini aýtdy.

 

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022
ENG TM РУС