Amerikan kompaniýasy Türkmenistanda birnäçe golf meýdançalaryny gurmakçy

BT
Amerikan kompaniýasy Türkmenistanda birnäçe golf meýdançalaryny gurmakçy
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Nicklaus Companies” kompaniýasynyň prezidenti Jon Riz bilen duşuşygy, ABŞ

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ABŞ-a saparynyň çäklerinde “Nicklaus Companies” kompaniýasynyň prezidenti Jon Riz we kompaniýanyň ýolbaşçy düzüminiň wekilleri bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda “Nicklaus Companies” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesiniň toplanandygyny belläp, Arkadag şäherinde we “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda döwrebap golf meýdançalarynyň gurulmagynyň meýilleşdirilýändigini aýtdy.

“Nicklaus Companies” kompaniýasynyň prezidenti Jon Riz Gurbanguly Berdimuhamedowy “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda hem-de Arkadag şäherinde gurulmagy möhüm hasaplanylýan birnäçe taslamalar bilen tanyşmaga çagyrdy.

Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde görkezilýän taslamalar bilen içgin tanşyp, Arkadag şäherinde we “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda golf meýdançalarynyň gurulmagy ýurdumyzyň dürli künjeklerinde köpçülikleýin bina edilýän durmuş maksatly desgalaryň üstüni ýetirer diýip belledi hem-de “Nicklaus Companies” kompaniýasy bilen netijeli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Şeýle hem duşuşygyň dowamynda “Nicklaus Companies” kompaniýasynyň gatnaşmagynda gurlan golf meýdançalarynyň görnüşleri görkezildi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Nicklaus Companies” kompaniýasynyň Arkadag şäherinde we “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda gurulmagy teklip edilýän golf meýdançalarynyň taslamalary bilen tanyşlykdan soňra, “Türkmenistan – ABŞ” işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart bilen duşuşdy.

Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ABŞ-a saparynyň çäklerinde “Panther” milli golf klubyna baryp gördi.

2022
ENG TM РУС