Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow 26-njy fewralda Beýik Britaniýa saparynyň çäklerinde London gazna biržasynyň baş ýerine ýetiriji direktory Juliýa Enn Hoggett hem-de Beýik Britaniýanyň Gazna ministrliginiň ykdysady sekretary Lýusi Rigbi bilen bilelikdäki duşuşygy geçirdi. Duşuşygyň dowamynda infrastruktura we energetika taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin uzak möhletli maýa goýumlaryny çekmek hem-de britan hyzmatdaşlary bilen amaly ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga bolan gyzyklanma beýan edildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berdi.
Türkmen tarapy Londonyň dünýä maýa goýum akymlaryny emele getirýän öňdebaryjy maliýe merkezleriniň biri hökmündäki ornuny belläp, britan hyzmatdaşlary bilen amaly ykdysady hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmaga gyzyklanma bildirdi.

Duşuşykda Türkmenistanyň Beýik Britaniýa bilen ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýändigi nygtaldy. Habarda bellenilişi ýaly, ýurtda gurluşyk, senagat, söwda we hyzmatlar ulgamlarynda işleýän, britan kapitalynyň gatnaşmagynda döredilen 30-a golaý kompaniýa bellige alyndy.
Taraplar söwda-ykdysady gatnaşyklaryň oňyn ösüş depgini hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy utgaşdyrmagyň esasy mehanizmi hökmünde Türkmen-britan Söwda-senagat geňeşiniň ähmiýetini bellediler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda durnukly maliýeleşdiriş, bank ulgamy, audit, ätiýaçlandyryş hem-de sanly maliýe çözgütleri ugurlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge bolan gyzyklanma beýan edildi.


















