Türkmenistanyň ykdysady ösüşiniň 2027-nji ýyla çenli saklanyp galmagyna garaşylýar

BT
Türkmenistanyň ykdysady ösüşiniň 2027-nji ýyla çenli saklanyp galmagyna garaşylýar
Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky edara binasy (Surat: ÝTÖB)

Türkmenistanyň ykdysady ösüşiniň 2027-nji ýyla çenli saklanyp galmagyna garaşylýar. Bu barada Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň “ÝTÖB sebitlerinde sebit ykdysady geljegi” atly hasabatynda habar berilýär.

ÝTÖB-niň hasabatyna laýyklykda, 2025-nji ýylyň ýanwar-noýabr aýy aralygynyň jemleri boýunça ýurduň jemi içerki önüminiň ösüşi ýyllyk hasapda 6,3 göterime deň boldy.

Habarda bellenilişi ýaly, ýurduň ykdysady ösüş depgini ulag ulgamynyň işiniň giňelmeginiň, şol sanda Özbegistan bilen erkin söwda düzgüniniň hereket etmeginiň we sebitiň ähli goňşy döwletleri bilen söwdany artdyrmagynyň hasabyna üpjün edildi.

Hususy pudagyň eksporty amatly bahalar we önümçilik çykdajylarynyň az bolmagy netijesinde oňyn ösüş depginini dowam etdirdi. Döwlet infrastrukturasyna gönükdirilen maýa goýumlar gurluşyk pudagynyň ösmegine we umumy ykdysady işjeňligiň saklanyp galmagyna ýardam berdi.

Inflýasiýa töwekgelçilikleriniň öňüni almak döwlet tarapyndan düzgünleşdiriş çäreleri, şol sanda baha mehanizmleri, importy goldamak gurallary we bank karzlary ulgamynda çäklendirmeler arkaly üpjün edildi.

Ýurduň hökümetiniň maglumatlaryna görä, Türkmenistanyň ykdysady ösüş depgininiň 2026-njy we 2027-nji ýyllarda hem 6,3 göterim derejesinde saklanmagyna garaşylýar. ÝTÖB eksporta gönükdirilen ugurlara maýa goýumlaryny artdyrmak we ykdysady infrastrukturany mundan beýläk-de ösdürmek bilen ösüşi ýokarlandyrmaga goşmaça mümkinçilikleriň bardygyny belleýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022