Türkmenistanda köp çagaly enelere ýaşaýyş jaýlarynyň açarlary gowşurylar

BT
Türkmenistanda köp çagaly enelere ýaşaýyş jaýlarynyň açarlary gowşurylar
Köp çagaly enelere ýaşaýyş jaýlarynyň açarlary gowşurylýar, 2022-nji ýylyň 7-nji marty.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Halkara zenanlar güni mynasybetli köp çagaly enelere “Ene mähri” diýen hormatly adyny dakmak we ýaşaýyş jaýlarynyň açarlaryny gowşurmak çärelerini guramaçylykly geçirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, “Olaryň zähmeti bilen berkarar Watanymyzyň abraýy has-da belende göterilýär. Şoňa görä-de, mähriban enelerimiziň Garaşsyz döwletimizde hormat-sarpasy örän uludyr” diýip, Türkmenistanyň döwlet Baştutany aýtdy.

Habarda bellenilişi ýaly, halkara zenanlar güni mynasybetli ýurduň welaýatlarynda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde baýramçylyk dabaralarynyň, Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde “Ene hüwdüsi — iň kämil eser” atly dabaraly maslahatyň we serginiň, Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde “Ogulabat ejäniň el hünäri türkmen zenanlarynyň görelde mekdebidir” atly maslahatyň we serginiň, Şekillendiriş sungaty muzeýinde “Şekillendiriş sungatynda zenan waspy” atly serginiň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow2026-njy ýylyň 20-nji fewralynda her ýylyň 8-nji martynda bellenilýän Halkara zenanlar güni mynasybetli pul sowgatlaryny bermek hakynda Buýruga gol çekdi.
 

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022
ENG TM РУС