Halkara zenanlar güni: türkmen zenanlaryna pul sowgady gowşurylar

BT
Halkara zenanlar güni: türkmen zenanlaryna pul sowgady gowşurylar
Halkara zenanlar güni mynasybetli geçirilen çäre, 2022-nji ýylyň 8-nji marty, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: TDH)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Halkara zenanlar güni mynasybetli pul sowgatlaryny bermek hakynda Buýruga gol çekdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Bu resminama Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurduň gülläp ösmeginde we özgertmeleri amala aşyrmakda türkmen zenanlarynyň bitirýän uly hyzmatlaryny, olaryň Watana wepaly, sagdyn, ruhubelent nesilleri terbiýeläp ýetişdirýändiklerini nazara alyp, şeýle hem ata-babalaryň mähriban enelere, uýalara hormat goýmak baradaky asylly däplerini dowam etdirmek we Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurduň aýal-gyzlaryna pul sowgatlaryny bermek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 27-nji fewralynda çykaran 1152-nji Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen kabul edildi.

Resminama laýyklykda, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli kärhanalarda, edaralarda we guramalarda işleýän aýal-gyzlara, pensiýa, döwlet kömek puluny alýan aýal-gyzlara, önümçilikden aýrylmak şerti bilen aspiranturada, doktoranturada, kliniki ordinaturada okaýan aýal-gyzlara, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň iki okuw ýylyndan az bolmadyk möhletli okuwlarynyň diňleýji zenan-gyzlaryna, talyp gelin-gyzlara, orta mekdeplerde okaýan we mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelenýän gyzlara 2026-njy ýylyň 2 — 6-njy marty aralygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Halkara zenanlar güni mynasybetli 60 (altmyş) manat möçberinde pul sowgatlaryny dabaraly ýagdaýda gowşurmak bellenildi.

Şeýle hem Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň welaýatlarynda, Aşgabat, Arkadag şäherlerinde baýramçylyk çäreleriniň, konsertleriň, suratkeşleriň sergisiniň, teatrlarda sahna oýunlarynyň görkezilişiniň guralmagy hem-de Mukamlar köşgünde baýramçylyk konsertiniň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.

Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022
ENG TM РУС