“Türkmenistan” awiakompaniýasy Dubaýa we Jidda howa gatnawlaryny wagtlaýyn togtatdy

BT
“Türkmenistan” awiakompaniýasy Dubaýa we Jidda howa gatnawlaryny wagtlaýyn togtatdy
“Türkmenistan” awiakompaniýasynyň ýolagçy uçary

“Türkmenistan” awiakompaniýasy açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Aşgabat — Dubaý — Aşgabat we Aşgabat — Jidda — Aşgabat ugurlary boýunça howa gatnawlaryny 2026-njy ýylyň 02-nji martyndan 04-nji martyna çenli togtatdy. Bu barada “Türkmenistan” awiakompaniýasy habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, bu çözgüt Eýran Yslam Respublikasynyň howa giňişligine girizilen çäklendirmeleri nazara alyp, uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen kabu edildi.

Ýolagçylar awiabiletlerini tutumsyz ýagdaýda doly yzyna gaýtaryp ýa-da iň ýakyn mümkinçilik bar bolan senelere tutumsyz ýagdaýda üýtgedip bilerler.

Habarda ýolagçylara awiabiletlerini yzyna gaýtarmak ýa-da uçuş senesini üýtgetmek üçin satyn alan ýerlerine ýa-da awiakompaniýanyň wekilhanalaryna ýüz tutmaklyk maslahat berilýär.

Şeýle-hem, awiakompaniýanyň web sahypasyndan we online platformalardan satyn alynan awiabiletler yzyna gaýtarylan ýagdaýynda pul serişdeleri töleg geçirilen bank kartyna yzyna gaýtarylar.

Habarlaşmak üçin maglumatlar:

Jidda:

Telefon belgisi:

+90 545 575 15 83

Elektron salgy: ops@favorite-ias.com

Dubaý:

Telefon belgisi:

+971 50 280 05 08

Elektron salgy: ticket.mida@gmail.com

Türkmenistan:

Telefon belgileri:

+993 12 39-17-78

23-03-15

23-03-18

Elektron salgy: info@turkmenistanairlines.tm

2022