“Daşoguzýersuwgurluşyk” hojalyk hasaplaşygyndaky önümçilik kärhanasynyň maddy-tehniki binýady Hytaý Halk Respublikasynda öndürilen täze ponton görnüşli ýer gazyjy gämi bilen dolduryldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty penşenbe güni habar berdi.
Howdanlaryň düýbüni çuňaltmak we arassalamak işleri üçin niýetlenen bu ýöriteleşdirilen gämi özüniň ýokary öndürijiligi hem-de işlenip düzülmeginiň çuňlugy, gurmaga, ulanmaga we tehniki hyzmat etmäge amatlylygy bilen tapawutlanýar.
Habarda bellenilişi ýaly, golaý wagtda şunuň ýaly ýer gazyjy gämileriň ýene-de birnäçesine garaşylýar. Şeýle hem kärhana öz işinde Niderlandlar Patyşalygynda öndürilen dünýä belli “Beaver” haryt nyşanly ýer gazyjy gämileri hem üstünlikli ulanýar.
Mundan başga-da kärhananyň ygtyýaryna täze kuwwatly buldozerler, zynjyrly susguçly ekskawatorlar we dürli maksatlar üçin niýetlenen ýöriteleşdirilen awtoulaglaryň birnäçesi gelip gowuşdy.
Häzirki wagtda welaýatyň hojalyk hasaplaşygyndaky kärhanasynyň hünärmenleri täze zeýkeş-zeýakaba torlaryny gurmak we bar bolanlarynyň durkuny täzelemek işlerini alyp barýarlar.

















