Türkmenistanda Halkara Nowruz güni mynasybetli medeni-köpçülikleýin çäreler geçiriler

BT
Türkmenistanda Halkara Nowruz güni mynasybetli medeni-köpçülikleýin çäreler geçiriler
Türkmenistanda Nowruz baýramy bellenilýär.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Bahar Seýidowa anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli geçiriljek baýramçylyk çärelerine taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, ýurtda giňden bellenilýän bu baýram mynasybetli Ahal welaýatynyň “Nowruz ýaýlasynda” geçiriljek dabara Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň eserleriniň, Nowruz bilen bagly milli däp-dessurlaryň esasynda taýýarlanylan medeni-köpçülikleýin çäreler bilen badalga alar.

Wise-premýer bu ýerde ýurduň döredijilik toparlarynyň çykyşlaryny, dürli sergileri ýaýbaňlandyrmak, halkyň ekerançylyk, maldarçylyk, bagbançylyk, senetçilik, maşgala toýlary bilen bagly däp-dessurlaryny beýan edýän çykyşlaryň, medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk konsertiniň geçirilmeginiň göz öňünde tutulýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, wise-premýere ýurtda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli baýramçylyk dabarasyna gowy taýýarlyk görmegi we ony ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022
ENG TM РУС