Türkmenistanda Nowruz baýramynyň 22-nji martyndaky dynç güni 23-nji marta geçirildi

BT
Türkmenistanda Nowruz baýramynyň 22-nji martyndaky dynç güni 23-nji marta geçirildi
Türkmenistanda Nowruz baýramy bellenilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow duşenbe güni türkmen halkynyň milli baýramy bolan Oraza baýramyny 2026-njy ýylyň 20-nji martynda bellemek we Nowruz baýramynyň 2026-njy ýylyň 22-nji martyndaky dynç gününi 23-nji marta — duşenbe gününe geçirmek hakynda Permana gol çekdi.

Resminama Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkyň bitewüligini, agzybirligini we jebisligini has-da berkitmek, köpasyrlyk däp-dessurlara aýawly çemeleşmek, ruhy baýlyklary gorap saklamak hem-de ýurduň ilatynyň Oraza we Milli bahar baýramlaryny dabaraly belläp geçmegi, oňat dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmek maksady bilen kabul edildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Şeýle hem Perman Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasyna laýyklykda gol çekildi.

Şu Permanyň ýerine ýetirilmegini, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edaralara, kärhanalara we guramalara üpjün etmek tabşyryldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022