Gurbanguly Berdimuhamedow dostluk sapary bilen Hytaýa bardy

BT
Gurbanguly Berdimuhamedow dostluk sapary bilen Hytaýa bardy
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Pekin şäherinde, 2026-njy ýylyň 17-nji marty, Hytaý

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow sişenbe güni Hytaýyň paýtagty Pekin şäherine dostluk sapary bilen bardy.

“Watan habarlary” gepleşiginiň habar bermegine görä, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Aşgabat şäheriniň halkara howa menzilinde resmi adamlar bilen gysgaça söhbetdeş bolup, ýurtlaryň arasynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň durnukly we yzygiderli ösdürilýändigini belledi.

Pekin şäheriniň howa menzilinde Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkmenistanyň we Hytaýyň resmi adamlary garşy aldylar.

Ozal Hytaýyň Daşary işler ministrligi saparyň 17–19-njy mart aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça geçiriljekdigini habar berdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasyna 2023-nji ýylyň oktýabr aýynda sapar bilen barypdy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022
ENG TM РУС