AÖB Türkmenistanda 2026–2028-nji ýyllar üçin geljegi uly taslamalary bilen tanyşdyrdy

BT
AÖB Türkmenistanda 2026–2028-nji ýyllar üçin geljegi uly taslamalary bilen tanyşdyrdy
AÖB-niň hususy pudagy ösdürmek boýunça uly hünärmeni Dmitriý Kabrelýan IFT 2026 halkara forumynda, 2026-njy ýylyň 18-nji marty, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: BT)

Aziýa Ösüş banky (AÖB) Türkmenistanda 2026–2028-nji ýyllar üçin geljegi uly taslamalary bilen tanyşdyrdy. AÖB-niň hususy pudagy ösdürmek boýunça uly hünärmeni Dmitriý Kabrelýan çarşenbe güni Aşgabatda öz işine başlan “Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar” (IFT 2026) atly halkara forumynyň dowamynda bu taslamalar bilen tanyşdyrdy.

Başlangyçlaryň sanawyna saglygy goraýyş, ulag, suw serişdeleri, energetika we telekeçiligi goldamak ugurlaryndaky taslamalar girizildi. Hususan-da, şepagat uýalarynyň işiniň hilini ýokarlandyrmak, Aşgabat–Duşak we Mary–Duşak demir ýol böleklerini döwrebaplaşdyrmak, howa üýtgemelerine durnuklylygy nazara alyp suw serişdelerini dolandyrmak, kiçi we orta telekeçiligiň eksport mümkinçiliklerini ösdürmek, şeýle hem elektrik energiýasyny paýlamak, täzelenýän energetika we energiýa netijeliligi boýunça taslamalary durmuşa geçirmek barada gürrüň edilýär. Şeýle-de esasy ugurlaryň hatarynda şäher ösüşini goldamak hem-de syýahatçylyk we hyzmatlar ulgamynda hünär bilimini ösdürmek görkezildi.

Bankyň wekiliň aýtmagyna görä, hyzmatdaşlygyň indiki tapgyry kadalaşdyryjy binýady emele getirmekden amaly taýdan taslamalary durmuşa geçirmäge geçmegi göz öňünde tutýar. Esasy üns bu mehanizmiň netijeliligini görkezip biljek synag döwlet-hususy hyzmatdaşlyk taslamalaryny saýlamaga we taýýarlamaga gönükdiriler.

Şeýle hem Dmitriý Kabrelýan döwlet-hususy hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň infrastruktura hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmaga, öňdebaryjy tejribeleri ornaşdyrmaga hem-de ýurduň institusional mümkinçiliklerini pugtalandyrmaga gönükdirilendigini nygtady.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022
ENG TM РУС