Gurbanguly Berdimuhamedow Si Szinpine Türkmenistana gelmek baradaky çakylygy gowşurdy

BT
Gurbanguly Berdimuhamedow Si Szinpine Türkmenistana gelmek baradaky çakylygy gowşurdy
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda geçirilen duşuşyk, 2026-njy ýylyň 18-nji marty, Pekin, Hytaý (Surat: "Xinhua")

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaýa dostluk saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine özi üçin islendik amatly wagtda ýurda sapar bilen gelmäge iberen çakylyk hatyny gowşurdy.

Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň we Hytaýyň halkara giňişlikdäki hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine hem-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirip, häzirki wagtda taraplaryň yzygiderli tagallalary netijesinde munuň üçin ähli zerur şertleriň döredilendigine ünsi çekdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty çarşenbe güni habar berdi.

HHR-iň Başlygy Hytaý üçin Türkmenistanyň Merkezi Aziýada iň ygtybarly hyzmatdaş bolup durýandygyny, Hytaýda ýurduň hemişelik Bitaraplyk syýasatyna ýokary baha berilýändigini hem-de goldanylýandygyny nygtady.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ýurduň “Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek” strategiýasynyň Hytaýyň “Bir guşak, bir ýol” başlangyjy bilen utgaşdyrylmagynyň çäklerinde ulag-logistika ulgamynda hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikleriň açylýandygyna ünsi çekdi.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin köklerini gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň döwründen alyp gaýdýan türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň iki ýurduň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ugurlaryň giň gerimi boýunça ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

2022