“Türkmen maýa goýum kompaniýasy” ýerli işewürlere ABŞ dollarynda karzlary hödürleýär

BT
“Türkmen maýa goýum kompaniýasy” ýerli işewürlere ABŞ dollarynda karzlary hödürleýär
Üstünlikli geçirilen gepleşiklerden bir pursat

“Türkmen maýa goýum kompaniýasy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Türkmenistanyň hususy pudagyndaky kompaniýalara karz bermek hyzmatlaryny hödürleýär. Bu barada kompaniýanyň wekili “Biznes Türkmenistan” internet neşirine habar berdi.

Maliýeleşdiriş ABŞ dollarynda amala aşyrylyp, şol bir wagtda karzyň yzyna gaýtarylmagy hem ABŞ dollarynda ýerine ýetiriler.

Karz serişdeleri Türkmenistandaky hususy kompaniýalaryň dürli taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin niýetlenendir.

Kompaniýa Aşgabat şäheriniň Garaşsyzlyk köçesiniň 32-nji jaýynyň (Türkmenistanyň Daşary ykdysady iş bankynyň binasy) 5-nji gatynda ýerleşip, gyzyklanma bildirýän taraplar goşmaça maglumat almak üçin kompaniýa bilen turkmeninvest@sanly.tm elektron poçta ýa-da +993 (12) 406390, 481938 telefon belgileri arkaly habarlaşyp bilerler.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022