Türkmenistan we Gruziýa söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegi maslahatlaşdylar

BT
Türkmenistan we Gruziýa söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegi maslahatlaşdylar
Nökerguly Atagulyýewiň Mariam Kwriwişwili bilen duşuşygy, 2026-njy ýylyň 30-njy marty, Gruziýa (Surat: Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy)

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew 2026-njy ýylyň 30-njy martynda Gruziýanyň Ykdysadyýet we durnukly ösüş ministri Mariam Kwriwişwili bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn ykdysady gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we geljegi uly bolan mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasynyň habar bermegine görä, duşuşykda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek, özara maýa goýumlary höweslendirmek, şeýle hem ileri tutulýan ugurlarda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak meselelerine aýratyn üns berildi.

Taraplar energetika, ulag, sanly ykdysadyýet we innowasiýalar ulgamlarynda özara gatnaşyklaryň ösdürilmegine gyzyklanma bildirip, Türkmenistanyň we Gruziýanyň işewürler toparynyň arasynda göni aragatnaşyklary ýola goýmak üçin amatly şertleri döretmegiň ähmiýetini bellediler.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy utgaşdyrmakda ugurdaş pudaklaryň arasynda ulgamlaýyn gepleşikleri üpjün etmekde we gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmekde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gruzin toparynyň orny aýratyn nygtaldy.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem çuňlaşdyrmaga we netijeli gepleşikleri dowam etdirmäge ygrarlydyklaryny bellediler.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022
ENG TM РУС