Türkmenistan bilen Gazagystanyň portlary Hazar sebitinde ulag-logistika ugurlaryny ösdürmegi meýilleşdirýärler

BT
Türkmenistan bilen Gazagystanyň portlary Hazar sebitinde ulag-logistika ugurlaryny ösdürmegi meýilleşdirýärler
Aktau porty, Gazagystan (Surat: dknews.kz)

Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň ýolbaşçylary Gazagystana iş saparynyň çäklerinde ýurduň Aktau we Kuryk portlarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar ulag-logistika ugurlaryny ösdürmek meselelerine aýratyn üns berdiler. Bu barada Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň resmi metbugat gullugy duşenbe güni habar berdi.

Taraplar geljekki hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini, Hazar sebitinde hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny has-da berkitmek meselelerini hem ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle-de iş saparynyň çäklerinde türkmen wekiliýeti Aktau portuna baryp gördi we onuň infrastrukturasy, önümçilik kuwwatlyklary hem-de häzirki wagtda alyp barýan işleri bilen tanyşdy.

Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň wekillerine esasy terminallar, hereket edýän logistika çözgütleri we port infrastrukturasyny ösdürmek boýunça meýilnamalar görkezildi.

Habarda bellenilişi ýaly, şeýle duşuşyklar tejribe alyşmaga, hyzmatdaşlygyň netijeliligini ýokarlandyrmaga we halkara ulag geçelgelerini ösdürmäge ýardam berýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022
ENG TM РУС