Ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wekiliýeti sapar bilen Belarus Respublikasyna barar. Bu barada Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Stanislaw Çepurnoýyň gaznanyň döredilmeginiň bäş ýyllygy mynasybetli iberen gutlagynda bellenilýär. Bu barada Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasy duşenbe güni habar berdi.
Türkmen wekilýeti saparyň çäginde Belarus Respublikasynyň çagalar gaznasynyň hem-de Maýyp çagalar üçin respublikan dikeldiş merkeziniň wekilleri bilen duşuşyklary geçirer. Duşuşyklaryň dowamynda özara hünär tejribesini alyşmak we hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemek meselelerine aýratyn üns beriler.
Stanislaw Çepurnoýyň aýtmagyna görä, häzirki wagtda hyzmatdaşlyk amaly netijeleri berýär we Belarus Respublikasy Arkadag şäherindäki Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezine belarus hünärmenleri tarapyndan işlenip taýýarlanan, çagalaryň ownuk motorikasyny we pikirlenişini ösdürmäge ýardam berýän ösüş toplumyny, şeýle hem ortopediki aýakgabyň nusgasyny gowşurdy.
2021-nji ýylyň mart aýynda döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy häzirki wagtda halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny işjeň ösdürýär. Gazna döredilen wagtyndan bäri dürli ýurtlarda tebigy betbagtçylyklardan zeper ýeten çagalara hemaýat berýär, şeýle hem Türkmenistanda mätäç çagalar üçin saglygy bejeriş hyzmatlaryny üpjün edýär.

















