Türkmenistanda habar beriş serişdelerinde harytlara galp mahabat edenlere jerime salnar

BT
Türkmenistanda habar beriş serişdelerinde harytlara galp mahabat edenlere jerime salnar
Aşgabat, Türkmenistan

Türkmenistanda 2026-njy ýylyň 1-nji maýyndan başlap Administratiw hukuk bozulmalary hakyndaky kodeksiň görnetin galp mahabat boýunça jogapkärçilige bagyşlanan 3121-nji madda girizilen üýtgetmeler güýje girip başlar. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda” kanuna 2026-njy ýylyň 11-nji aprelinde gol çekdi.

3121-nji madda girizilen goşmaçalara laýyklykda, eger fiziki şahslar, wezipeli adamlar, ýuridiki şahslar harytlar, işler ýa-da hyzmatlar, şeýle hem olary taýýarlaýjylar (ýerine ýetirijiler, satyjylar) babatdaky görnetin galp mahabaty betnebislik bähbitlerinden ugur alyp köpçülikleýin habar beriş serişdelerini ýa-da maglumat-telekommunikasiýa toruny ulanyp peýdalanan we onuň özi ep-esli möçberde zyýan ýetiren ýagdaýlarynda olara jerime salnar.

Administratiw hukuk bozulmalary hakyndaky kodeksiň 3121-nji maddasyna laýyklykda, görnetin galp mahabaty peýdalanan fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň otuzysyndan ellisine, wezipeli adamlara – kyrkysyndan altmyşysyna, ýuridiki şahslara – ellisinden ýetmiş bäşisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2022