Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Waşington şäherinde ýerleşýän Halkara pul gaznasynyň (HPG) binasynda 2026-njy ýylyň 22-nji aprelinde Türkmenistanyň ABŞ-daky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Esen Aýdogdyýew bilen Gaznanyň Ýerine ýetiriji direktory Patryk Ložewskiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda taraplar degişli milli edaralar bilen utgaşykly hyzmatdaşlygy berkitmäge hem-de ileri tutulýan ugurlar boýunça amaly hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns berdiler.
Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçihanasynyň çarşenbe güni habar bermegine görä, duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistan bilen Halkara pul gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy hem-de geljekki ösüş ugurlary boýunça pikir alyşdylar.
Ilçi Esen Aýdogdyýew Türkmenistanyň halkara maliýe institutlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklap, anyk netijelere gönükdirilen dialogyň ähmiýetini aýratyn belledi.
Duşuşygyň netijesinde taraplar geljekde netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardyklaryny beýan etdiler.

















