“Arçalyk” Baku şäherinde geçiriljek “InterFood Azerbaijan” sergisinde önümleri bilen tanyşdyrar

BT
“Arçalyk” Baku şäherinde geçiriljek “InterFood Azerbaijan” sergisinde önümleri bilen tanyşdyrar
“InterFood Azerbaijan”, 2025-nji ýylyň 13–16-njy maýy, Baku, Azerbaýjan (Surat: “InterFood Azerbaijan”)

Türkmenistanda agyz suwlaryny hem-de gazly alkogolsyz içgileri öndürýän “Arçalyk” kompaniýasy 5–8-nji maý aralygynda Baku şäherinde geçiriljek “InterFood Azerbaijan” atly Azerbaýjanyň azyk senagatynyň 31-nji halkara sergisine gatnaşar. Bu barada çäräniň resmi saýtynda habar berilýär.

“InterFood Azerbaijan” sergisi Hazarýaka sebitiniň ýurtlarynda azyk senagatynda iş alyp barýan kompaniýalar üçin esasy meýdançalaryň biri bolup, bu çäre her ýyl 20-den gowrak ýurtdan müňlerçe hünärmenli we myhmanlary bir ýere jemleýär.

Bir meýdançada konditer we et önümleri, gök-bakja önümleri, miweler, içgiler, çaýlaryň dürli görnüşleri şeýle hem önümleri gaýtadan işlemek we belliklemek üçin enjamlar görkeziler. Serginiň ekspozisiýasy birnäçe ugra bölünip, ol azyk senagatyny, içgileri, tehnologiýalary we halal önümleri öz içine alýar.

Çäräniň maksatnamasynda B2B görnüşindäki ikitaraplaýyn duşuşyklaryň geçirilmegi göz öňünde tutulyp, bu duşuşyklar hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşmaga we üpjünçiligi giňeltmek üçin goşmaça mümkinçilikleri döretmäge ýardam berer.

Sergi Azerbaýjanyň degişli döwlet düzümleriniň, pudaklaýyn assosiasiýalaryň we halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) goldaw bermeginde geçirilýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022
ENG TM РУС