Gruziýanyň Suhumi döwlet uniwersitetinde 2026-njy ýylyň 24-nji aprelinde türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň ösdürilmegine we Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan tegelek stol maslahaty geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy tarapyndan guraldy.
Çärä Türkmenistanyň alymlary, şeýle hem uniwersitetiň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda syýasy, ykdysady, ylym-bilim we medeni ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerine aýratyn üns berildi. Bu barada Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy habar berdi.

Suhumi döwlet uniwersitetiniň rektory Teýa Jugeli ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň durnukly ösüşini belläp geçdi we iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmekde akademiki gatnaşyklaryň möhümdigini nygtady.
Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Döwletmyrat Seýitmämmedow öz gezeginde türkmen-gruzin hyzmatdaşlygynyň oňyn ösüş depginini belläp geçdi we bu hyzmatdaşlygyň giň ugurlary, şol sanda işjeň syýasy dialogy we ýokary derejedäki gatnaşyklary öz içine alýandygyny aýtdy.
Gatnaşyjylar iki döwletiň üstaşyr mümkinçiligini hem ara alyp maslahatlaşdylar. Olar ýurtlaryň strategik geografik ýerleşişiniň Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda ulag geçelgeleri ösdürmek üçin mümkinçilikleri açýandygyny bellediler. Şeýle hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň taryhy-medeni we ykdysady taraplaryna aýratyn üns berildi.

















