Türkmenbaşy Halkara deňiz portundan 2026-njy ýylyň ýanwar — mart aýlarynda üstaşyr ýük daşamalary 2025-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 10 göterim ýokarlandy. Bu barada “Argus” baha beriş agentligi penşenbe güni habar berdi.
Bu ösüş Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyna baryp gowuşýan türkmen nebitiniň düşürilişiniň möçberleriniň artmagy, şeýle hem Eýrandan ugradylan kükürdiň düşürilişiniň ýokarlanmagy esasynda gazanyldy.
Ýylyň birinji çärýeginde türkmen portlarynyň üsti bilen ähli ýükleriň üstaşyr geçirilmegi ýyllyk hasapda 23 göterim artdy. Bu görkezijiniň ýokarlanmagy Garabogaz şäherinden karbamidiň ugradylmagynyň we Ekerem port nokady arkaly suwuk ýükleriň geçirilmeginiň ýokarlanmagy bilen bagly diýlip, habarda bellenilýär.
Mart aýynda kükürdiň Eýran ugrundan Azerbaýjana, soňra bolsa Gruziýanyň Gara deňiz portlaryna — Poti we Batumi şäherlerine gönükdirilmegi bu önümiň üstaşyr geçirilmegini artdyrdy. Bazar gatnaşyjylarynyň belleýşi ýaly, Gara deňiz sebitinde kükürdiň bahalarynyň 35 göterim ýokarlanmagy bu önümiň daşalmagyna goldaw berýär.
Türkmenbaşy Halkara deňiz porty Hazar deňzindäki iň uly we iň döwrebap portlaryň biridir. Portuň infrastrukturasyna ýolagçy-parom terminaly, konteýner terminaly, umumy ýükler terminaly, ürgün ýükler terminaly we polipropilen terminaly girýär.

















