Türkmenistan bilen Moldowa iki ýurduň işewürleriniň saparlaryny guramak mümkinçiligine garaýar

BT
Türkmenistan bilen Moldowa iki ýurduň işewürleriniň saparlaryny guramak mümkinçiligine garaýar
Toýly Ataýewyň Moldowa Respublikasynyň Söwda-senagat edarasynyň prezidenti Sergeý Harýa we wise-prezidenti Mihaý Bylba bilen duşuşygy, 2026-njy ýylyň 28-nji apreli, Kişinýew, Moldowa (Surat: Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasy)

Türkmenistanyň Moldowa Respublikasyndaky (oturýan ýeri Kiýew şäheri) ilçisi Toýly Ataýew Kişinýew şäherinde Moldowa Respublikasynyň Söwda-senagat edarasynyň prezidenti Sergeý Harýa we wise-prezidenti Mihaý Bylba bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar iki ýurduň işewürleriniň saparlaryny guramak mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar kiçi we orta telekeçiligiň özara hyzmatdaşlygyny goldamagyň mümkin bolan mehanizmlerini, şol sanda işewür maglumatlaryny alyşmagy, olaryň saparlaryny guramagy, degişli sergilere we ýarmarkalara gatnaşmaklaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Ukrainadaky ilçihanasy çarşenbe güni habar berdi.

Türkmenistanyň ilçisi moldowaly hyzmatdaşlary Türkmenistanda geçirilýän sergi-ýarmarka çärelerine işjeň gatnaşmaga çagyrdy.

Moldowa tarapy energetika, himiýa senagaty we beýleki ileri tutulýan ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmäge, şeýle hem işewürlik çärelerine gatnaşmaga uly gyzyklanma bildirýändigini beýan etdi.

Ilçi Toýly Ataýew 2026-njy ýylyň 28-nji aprelinde Moldowa Respublikasynyň Parlamentiniň agzasy we Türkmenistan bilen Parlamentara Dostluk Toparynyň başlygy Petru Burduža, şeýle hem Moldowa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň döwlet sekretary Sergeý Mihow we daşary syýasat edarasynyň wekilleri bilen aýratyn duşuşyklary geçirdi.

2022