Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Kazanda geçiriljek foruma, sergilere gatnaşar

BT
Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Kazanda geçiriljek foruma, sergilere gatnaşar
Gurbanguly Berdimuhamedow “Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum” atly halkara ykdysady forumda, 2024-nji ýylyň 16-njy maýy, Kazan, Tatarystan (Surat: mfa.gov.tm)

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurduň wekiliýetiniň Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherine saparynyň meýilleşdirilýändigini habar berdi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, bu sapar Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen amala aşyrylar.

Hasabatda bellenilişi ýaly, Kazanda birnäçe möhüm halkara duşuşyklaryň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Şolaryň hatarynda “Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum” atly halkara ykdysady forumy, “Russiýa — Yslam dünýäsi hyzmatdaşlyk EXPO”, “Halkara emläk bazary” atly sergiler we maslahatlar, “Kazan halal bazary” halkara ýarmarkasy, “Asylly moda güni” festiwaly geçiriler.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 13-14-nji maýda Russiýa Federasiýasynyň Kazan şäherinde geçiriljek halkara çärelere ýurdumyzyň wekiliýetiniň gatnaşmagyny ýokary derejede guramagyň wajypdygyna ünsi çekdi we wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde şu ýylyň dört aýynda Türkmenistanda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi. Şeýle hem döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022
ENG TM РУС