Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde 2026-2027-nji okuw ýylynda birinji synpa okuwa kabul edilýän okuwçylara noutbuk kompýuterlerini sowgat bermek bilen bagly Karara gol çekdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Bu resminama berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Prezidentiniň bilim syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek, ýaş nesilleriň döwrebap bilim-terbiýe almagy we innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan, giň gözýetimli hünärmenler bolup ýetişmegi üçin amatly şertleri döretmek, şeýle hem ýurduň umumybilim berýän orta mekdeplerine 2026-2027-nji okuw ýylynda birinji synpa okuwa kabul edilýän okuwçylara noutbuk kompýuterlerini sowgat bermek maksady bilen kabul edildi.
Resminama laýyklykda, Bilim ministrligine Türkmenistanda öndürilen degişli mukdardaky noutbuk kompýuterlerini satyn almak, 2026-njy ýylyň 1-nji awgustyna çenli bilim edaralarynda gurnamak hem-de olara tehniki hyzmat etmek barada “Agzybirlik tilsimaty” bilelikdäki kärhanasy we “Aýdyň gijeler” hojalyk jemgyýeti bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi.
Ministrler Kabinetiniň mejlisinde şu ýylyň dört aýynda Türkmenistanda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi. Şeýle hem döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

















