Türkmenistan gruzin portlarynyň golaýynda ammar infrastrukturasyny döretmäge gyzyklanma bildirýär

BT
Türkmenistan gruzin portlarynyň golaýynda ammar infrastrukturasyny döretmäge gyzyklanma bildirýär
Batumi deňiz porty, Gruziýa

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew bilen Gruziýanyň ykdysadyýet we durnukly ösüş ministri Mariam Kwriwişwiliniň arasynda penşenbe güni Aşgabatda geçirilen duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň gruzin portlarynyň golaýynda ammar we logistika infrastrukturasyny döretmäge gyzyklanma bildirýändigi bellenildi. Bu barada Gruziýanyň ykdysadyýet we durnukly ösüş ministrliginiň resmi metbugat gullugy habar berdi.

Taraplar iki ýurduň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de Türkmenistanyň we Gruziýanyň hyzmatdaşlygynda amala aşyrylýan daşary söwda hem-de sebit başlangyçlaryna aýratyn üns berdiler.

Duşuşygyň dowamynda deňiz pudagynyň sanly özgertmeleri we “ýeke-täk deňiz penjiresi” (NMSW) ulgamyny ornaşdyrmak babatda hyzmatdaşlyk etmäge isleg bildirildi.
Taraplar syýahatçylyk pudagyndaky hyzmatdaşlygy hem ara alyp maslahatlaşdylar.

Gruziýanyň ykdysadyýet we durnukly ösüş ministri Mariam Kwriwişwili Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gruzin toparynyň bäşinji mejlisine gatnaşmak üçin sapar bilen Aşgabada geldi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022