Baýramaly şäherindäki dokma toplumynda ýüň ýüplügini öndürýän bölüm işe girizildi

BT
Baýramaly şäherindäki dokma toplumynda ýüň ýüplügini öndürýän bölüm işe girizildi
Mary welaýatynyň Baýramaly şäherindäki Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky dokma toplumynda ýüň ýüplügi öndürýän bölümiň işe girizilmegi, 2026-njy ýylyň 7-nji maýy, Türkmenistan

Mary welaýatynyň Baýramaly şäherindäki Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky dokma toplumynda penşenbe güni düýe ýüňüni we geçi çöpürini egrip, ýüň ýüplügi öndürýän bölüm işe girizildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty anna güni habar berdi.

Önümçilik bölüminiň dabaraly açylyşyna welaýatyň dürli künjeklerinden myhmanlar gatnaşdy. Dabarada welaýatyň medeniýet we sungat işgärleri, döredijilik toparlary özleriniň ýörite taýýarlan şowhunly aýdym-sazlaryny, döwrebap tanslaryny, sahna çykyşlaryny ýerine ýetirdiler.

Habarda bellenilişi ýaly, bu bölüm sebitde düýe ýüňüni we geçi çöpürini egirýän ilkinji hem-de ýeke-täk önümhanadyr. Täze bölümiň ýyllyk kuwwaty 130 tonna ýüň ýüplügi öndürmäge barabardyr.

Bu bölümde ornaşdyrylan enjamlar düýe ýüňünden we geçi çöpürinden (kaşemir matasyny dokamak üçin) boýalan hem-de boýalmadyk, Nm 8 — Nm 27 belgili ýüplükleri öndürip, olary iki, üç gatlanan ýüplük görnüşinde eksport etmäge niýetlenendir.

Bu ýerde oturdylan enjamlar Italiýanyň öňdebaryjy “Gomatex” kompaniýasynyň önümleri bolup, olar ýokary hilli önüm öndürmäge mümkinçilik berýär. Düýe we geçi ýüňünden öndüriljek ýüplükler switer, içki geýim, şarf, ellik, ýapynja, penjek ýaly önümler üçin ulanylýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022