Günorta Koreýanyň kompaniýalary Garagum kanalyny döwrebaplaşdyrmak taslamasyna gatnaşmaga gyzyklanma bildirýärler

BT
Günorta Koreýanyň kompaniýalary Garagum kanalyny döwrebaplaşdyrmak taslamasyna gatnaşmaga gyzyklanma bildirýärler
Türkmenistanda gidrotehniki desganyň gurluşygyndan bir pursat

Günorta Koreýanyň kompaniýalary Garagum kanalyny döwrebaplaşdyrmak taslamasyna gatnaşmagyň mümkinçiliklerine garaýarlar. Bu barada Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Li Won-Je sişenbe güni çap edilen “nCa” neşirine beren interwýusynda aýtdy.

Diplomatyň aýtmagyna görä, koreý kompaniýalary demir ýol düzümini döwrebaplaşdyrmak, şeýle-de Türkmenistanda optiki-süýüm geçirijileri we polat turbalary öndürýän önümçilikleri döretmek taslamalaryna hem gyzyklanma bildirýärler.

Diplomatyň belleýşi ýaly, koreý tarapy energetika, gämi gurluşygy, IT, ulag, saglygy goraýyş we medeniýet ugurlaryny öz içine alýan Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge gyzyklanma bildirýär.

Li Won-Je ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda wodorod ýangyçly jemgyýetçilik ulaglaryny, elektromobiller üçin infrastrukturalary we awtonom dolandyryş ulgamlaryny görkezdi.

Gämi gurluşygy pudagynda bolsa Koreýa Respublikasynyň “Koryo Shipbuilding Industry Technology” kompaniýasy “Balkan gämi gurluşyk we abatlaýyş” zawody bilen bilelikde gury ýük gämilerini gurmak taslamasyny durmuşa geçirýär. Ilçi geljekde ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň giňeldilip, demir ýol ulaglarynyň gurluşygyny hem öz içine aljakdygyna umyt bildirdi.

Şeýle hem diplomat Türkmenabatda fosfor dökünlerini öndürýän zawodyň gurluşyk taslamasynyň ähmiýetini belledi. Bu taslama “Daewoo Engineering & Construction” kompaniýasy tarapyndan durmuşa geçirilýär. Diplomatyň aýtmagyna görä, bu taslama türkmen-koreý hyzmatdaşlygyny ykdysadyýetiň strategik pudaklarynda mundan beýläk-de giňeltmäge ýardam berýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022