“Tudana” kärhanasy ýertudananyň ilkinji tapgyryny Dubaýa iberdi

BT
“Tudana” kärhanasy ýertudananyň ilkinji tapgyryny Dubaýa iberdi
“Tudana” kärhanasy “Agro Pack Turkmenistan — 2026” atly halkara sergide, 2026-njy ýylyň 12-nji maýy, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: BT)

Türkmenistanyň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda ýerleşýän “Tudana” kärhanasy ýertudananyň ilkinji tapgyryny Dubaýa iberdi. Bu barada kompaniýa sosial ulgamlarynda penşenbe güni habar berdi.

“Tudana” kärhanasynyň hünärmeniniň 12-14-nji maý aralygynda geçirilen “Agro Pack Turkmenistan — 2026” atly halkara serginiň çäklerinde “Biznes Türkmenistan” neşirine habar bermegine görä, kärhana öz önümlerini Russiýanyň bazarlaryna hem ugratmak boýunça işleri alyp barýarlar.

“Kärhana 15 gektar ýerde ýerleşýan ýyladyşhanada ýertudana ösdürip ýetişdirýär. Häzirki wagtda bolsa umumy meýdany 30 gektar bolan ýyladyşhananyň gurluşygy alnyp barylýar we birnäçe ýyldan onuň işe girizilmegi göz öňünde tutulýar” diýip, kärhananyň hünärmeni gürrüň berdi.

“Tudana” haryt nyşanly önümler Türkmenistanyň çägindäki 300-den gowrak söwda nokatlaryna satuwa çykarylýar hem-de Gazagystana we Özbegistana eksport edilýär.

2022
ENG TM РУС