RŽD: Türkmenistana syýahatçylyk boýunça demir ýol ugurlaryny ösdürmekde mümkinçilikler bar

BT
RŽD: Türkmenistana syýahatçylyk boýunça demir ýol ugurlaryny ösdürmekde mümkinçilikler bar
Derweze gaz krateri, Türkmenistan (Surat: advantour.com)

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň demir ýol ulagy boýunça Geňeşiniň 84-nji halkara mejlisiniň çäklerinde “Russiýanyň demirýollary” kompaniýasynyň (RŽD) baş direktorynyň birinji orunbasary Sergeý Pawlow Türkmenistana syýahatçylyk boýunça demir ýol ugurlaryny ösdürmek üçin mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy.

Sergeý Pawlowyň aýtmagyna görä, Türkmenistan Demirgazyk bilen Günortanyň, şeýle hem Gündogar bilen Günbataryň arasyndaky taryhy ýollaryň çatrygynda möhüm orny eýeleýär. Bu barada TASS agentligi penşenbe güni habar berdi.

“Russiýa demirýollary” kompaniýasynyň baş direktorynyň orunbasary baý taryhy miras bilen häzirki zaman infrastrukturasynyň işjeň ösdürilmeginiň syýahatçylyk üçin giň mümkinçilikleri açýandygyny aýtdy. Sergeý Pawlow rus we türkmen taraplarynyň bu mümkinçiliklerden doly peýdalanmalydyklaryny nygtady.

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň demir ýol ulagy boýunça Geňeşiniň 84-nji halkara mejlisi 13–14-nji maý aralygynda Türkmenistanyň guramadaky başlyklyk etmeginiň çäklerinde Aşgabatda geçirildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022