Türkmenistan elektrik energiýasyny eksport etmek maksady bilen Hazar deňziniň düýbünden energiýa kabelini çekmek taslamasyna gatnaşmak mümkinçiligine garaýar. Bu barada Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň “Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň wekili duşenbe güni Bakuda geçirilen Bütindünýä şäherler forumynyň 13-nji mejlisiniň (WUF13) çäklerinde aýtdy.
“Report” agentliginiň habar bermegine görä, Türkmenbaşy şäherinde kuwwaty 1574 MWt bolan we utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasynyň gurluşygynyň dowam edýändigini belledi. Geljekde bu desga eksport ediljek elektrik energiýasynyň esasy öndürijileriniň birine öwrülip biler.
“Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň wekili elektrik stansiýasy ulanmaga berlenden soň, Hazar deňziniň düýbi bilen geçiriljek suwasty kabel arkaly Azerbaýjana elektrik energiýasyny ibermegiň, soňra bolsa beýleki ýurtlara eksport etmegiň mümkinçiligine garalýandygyny mälim etdi.
Korporasiýasynyň wekili taslamany durmuşa geçirmek meselesiniň Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky hökümetara toparlaryň çäklerinde yzygiderli ara alnyp maslahatlaşylýandygyny belläp, taslama boýunça gutarnykly çözgütleriň häzirki wagtda kabul edilmändigini aýtdy.
Şeýle hem “Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň wekili bu başlangyjy durmuşa geçirmeginiň ähli gatnaşyjylar üçin ykdysady taýdan bähbitli bolup biljekdigini we Azerbaýjanyň türkmen elektrik energiýasyny beýleki ýurtlara eksport etmek üçin möhüm üstaşyr ugur hökmünde garalýandygyny nygtady.

















