Türkmenistan bilen Azerbaýjan ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerine garadylar

BT
Türkmenistan bilen Azerbaýjan ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerine garadylar
Türkmen wekiliýetiniň Mikail Jabbarow bilen duşuşygy, 2026-njy ýylyň 19-njy maýy, Baku, Azerbaýjan (Surat: Mikail Jabbarowyň sosial ulgamlary)

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy Derýageldi Orazow sişenbe güni Baku şäherinde Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarow bilen duşuşdy. Taraplar iki ýurduň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerine garadylar.

Gepleşikleriň dowamynda maýa goýumlar, üstaşyr geçelgeler, ulag we logistika ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns berildi. Bu barada Mikail Jabbarow sosial ulgamlarynda habar berdi.

Şeýle hem taraplar söwda, energetika we özara gyzyklanma döredýän beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmen wekiliýeti Şähergurluşyk boýunça bütindünýä forumyna gatnaşmak üçin Azerbaýjana bardy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022