Amerikan işewür wekiliýetiniň şu ýyl Türkmenistana sapary meýilleşdirilýär

BT
Amerikan işewür wekiliýetiniň şu ýyl Türkmenistana sapary meýilleşdirilýär
Esen Aýdogdyýew bilen Erik Stýuart we amerikan kompaniýalarynyň wekilleriniň arasynda geçirilen duşuşyk, 2026-njy ýylyň 19-njy maýy, Waşington, ABŞ (Surat: Türkmenistanyň ABŞ-daky Ilçihanasy)

Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky ilçisi Esen Aýdogdyýew 2026-njy ýylyň 19-njy maýynda Waşington şäherinde türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart, şeýle hem Geňeşe agza bolan kompaniýalaryň wekilleri bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşykda taraplar şu ýylyň dowamynda amerikan işewür wekiliýetiniň Türkmenistana meýilleşdirilýän saparyna taýýarlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň ABŞ-daky Ilçihanasynyň habar bermegine görä, türkmen ilçisi ýurduň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy we 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” şygary bilen baglylykda Türkmenistanyň ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlary barada çykyş etdi.

Taraplar söwda-ykdysady, maýa goýum, ulag, oba hojalygy, energetika, senagat we hususy pudak boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleri barada pikir alyşdylar.

Duşuşyga gatnaşyjylar iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda gönüden-göni gatnaşyklary berkitmekde türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň möhüm ornuny bellediler.

Maý aýynyň başynda türkmen-amerikan işewürlik hyzmatdaşlygy boýunça assosiasiýasynyň (TABCA) resmi açylyş dabarasy we guramanyň ilkinji işewürlik forumy geçirildi hem-de oňa türkmen we amerikan kompaniýalarynyň 50-den gowrak wekili gatnaşdy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022
ENG TM РУС