Ýewropadan, Ýakyn Gündogardan we Merkezi Aziýadan dizaýnerleriň hem-de moda öýleriniň gatnaşmagyndaky halkara moda görkezilişleri 4–6-njy iýun aralygynda Aşgabatda geçiriljek “Turkmen Textile Expo 2026” sergisiniň esasy wakalarynyň birine öwrüler. Bu barada çäräni guraýjylar habar berdi.
4-nji we 5-nji iýunda guraljak moda görkezilişinde Fransiýanyň, Marokkonyň, Omanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Russiýanyň we Türkmenistanyň dizaýnerleriniň kolleksiýalary görkeziler. Sergä daşary ýurtdan gatnaşyjylaryň arasynda fransuz dizaýneri Romuald Bertrand we "Maison Claude Patrick" moda öýi, marokkoly dizaýner Wafa Idrissi (Wafaa Idrissi Haute Couture), Oman Soltanlygyndan "Yoland Fashion House" moda öýi, gyrgyzystanly dizaýner Nurzat Žeýenbek, Özbegistanly dizaýnerler Dilowar Mirzaýew we Madinabonu Ergaşowa, şeýle hem Olga Kadeýkina tarapyndan esaslandyrylan Russiýanyň "SOLOVE" brendi bar. Türkmenistandan "Goç Ýigit", "Gülýaka Lybaslary", "Emine Bridal", "Däp", "Peýkam" brendleri, şeýle-de dizaýnerler Abat Muhammetniýazowa, Seýrangeldi Berdiýew, Anna Kor we milli moda dünýäsiniň birnäçe wekilleri gatnaşar.
Serginiň maksatnamasynda moda dünýäsiniň meşhur wekilleriniň gatnaşmagy hem göz öňünde tutulýar. Britaniýanyň “Vivienne Westwood” moda öýüniň baş ýerine ýetiriji direktory Karlo D'Amario we Italiýanyň "Fashion Channel Italy" telekanalynyň esaslandyryjysy Marçio Noçera çäräniň ýörite myhmanlary bolar. "Fashion Channel Italy" telekanaly Milan we Pariž moda hepdelikleri ýaly dünýäniň iň iri moda dünýäsiniň wakalaryny halk köpçüligine ýetirmekde meşhurlyga eýedir.
“Turkmen Textile Expo 2026” diňe bir moda görkezmän, dokma senagatynyň wekillerini, enjam öndürijileri, dizaýnerleri we halkara hünärmenleri bir ýere jemlär. Serginiň çäklerinde durnukly ösüş, önümleri sertifikatlaşdyrmak we dünýä bazarynyň talaplary ýaly ugurlar boýunça pudaklaýyn maslahatlar, şeýle hem Türkmenistanyň öňdebaryjy dokma kärhanalaryna önümçilik ekskursiýalaryny guramak meýilleşdirilýär. Sergi Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçiriler.

















