Ýewropa Täzeleniş we Ösüş Banky (ÝTÖB) Nodira Mansurowany Türkmenistan, Gyrgyzystan we Täjigistan boýunça täze sebit ýolbaşçysy wezipesine belledi. Ol 2026-njy ýylyň 1-nji sentýabryndan başlap öz wezipesine işe girişip, bankyň Bişkek şäherinde ýerleşýän sebit ofisinden bu üç ýurtdaky işine ýolbaşçylyk eder.
ÝTÖB-niň maglumatyna görä, ösüş we maliýeleşdiriş pudagynda 20 ýyldan gowrak baý iş tejribesine eýe bolan Nadira Mansurowa, bu wezipä 2021-nji ýyldan bäri ýolbaşçylyk eden Aýten Rustamowanyň ornuna bellendi.
Özbegistanda doglan we Beýik Britaniýanyň raýaty bolup durýan Mansurowa soňky ýyllarda Merkezi Aziýada kiçi we orta telekeçiligi maliýeleşdirmek hem-de ösdürmek boýunça sebit ýolbaşçysy hökmünde iş alyp bardy. Şeýle-de ol ÝTÖB-niň Londondaky baş edarasynda, şeýle hem Özbegistan, Müsür we Iordaniýa ýurtlaryndaky wekilhanalarynda dürli iri infrastruktura, ekologiýa we şäher hojalygy taslamalaryna ýolbaşçylyk etdi.
Ol 2021-nji ýyldan bäri Tunisdäki ÝTÖB ofisine ýolbaşçylyk edip, energiýa geçişi, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň ösdürilmegi, döwlet kärhanalarynyň özgertmeleri we kiçi hem orta telekeçiligiň sanlylaşdyrylmagy ýaly ugurlarda möhüm taslamalaryň amala aşyrylmagyna goşant goşdy.
Täze wezipesinde ol Türkmenistanda, Gyrgyzystanda we Täjigistanda ÝTÖB-niň maliýe amallaryny hem-de maýa goýum taslamalaryny utgaşdyrar. Şeýle-de, durnukly infrastruktura taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine goldaw bermek we sebitdäki ykdysady ösüşi höweslendirmek onuň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar.

















