Aşgabatda “Türkmenistan – ABŞ” işewürlik forumy geçirildi

BT
Aşgabatda “Türkmenistan – ABŞ” işewürlik forumy geçirildi
Aşgabatdaky Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçirilen “Türkmenistan – ABŞ” işewürlik forumy, 2026-njy ýylyň 4-nji iýuny (Surat: THP)

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda türkmen-amerikan işewürlik forumy geçirildi. Foruma iki ýurduň döwlet edaralarynyň we işewür toparlarynyň wekilleri gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Habarlar portaly penşenbe güni habar berdi.

Çärä türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew ýolbaşçylyk etdi. Amerikan wekiliýetine bolsa “Türkmenistan – ABŞ” Işewürlik geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart ýolbaşçylyk etdi.

Forumyň işine ABŞ-nyň birnäçe iri kompaniýalarynyň, şol sanda "Climate Compass", "CNH Industrial", "Coca-Cola", "John Deere", "Palo Alto Networks", "SIG SAUER", "Valley Irrigation" hem-de "Westport Trading Europe Limited" kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşyp, geljekki hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlediler. Habarda bellenilişi ýaly, amerikan kompaniýalary uzak ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň möhüm pudaklarynda üstünlikli iş alyp barýarlar.

Gepleşiklerde energetika, ulag-logistika, agrosenagat toplumy we ýokary tehnologiýalar ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns berildi. Şeýle hem, nebit-gaz senagaty, senagat önümçiligi, maliýe ulgamy, söwda we ekologiýa ugurlaryndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Forumyň çäklerinde türkmen ministrlikleriniň, pudaklaýyn edaralaryň we hususy pudagyň wekilleri bilen amerikan kompaniýalarynyň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi. Olarda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek we maýa goýum başlangyçlaryny ösdürmek meseleleri boýunça pikir alşyldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022