Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýäniň Wise-prezidenti Jewdet Ýylmazy kabul etdi

BT
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýäniň Wise-prezidenti Jewdet Ýylmazy kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Jewdet Ýylmaz bilen duşuşygy, 2026-njy ýylyň 4-nji iýuny, Aşgabat, Türkmenistan

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow türkmen-türk ykdysady hyzmatdaşlygy boýunça hökümetara toparyň (HEK) 9-njy mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada iş sapary bilen gelen Türkiýäniň wise-prezidenti Jewdet Ýylmazy kabul etdi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşigi habar berdi.

Myhman türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, Türkiýede Türkmenistan bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklara ýokary baha berilýändigini belledi. Şeýle hem mümkinçilikden peýdalanyp, Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň Türkmenistanyň Prezidentine we Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa iberen mähirli salamyny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Serdar Berdimuhamedow öz gezeginde Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana iň gowy arzuwlaryny beýan edip, Aşgabatda türk wekiliýetiniň gatnaşmagynda geçirilýän Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-türk hökümetara toparynyň (HEK) nobatdaky mejlisiniň netijeleriniň iki ýurduň alyp barýan işlerini has-da utgaşdyrmaga we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Duşuşykda ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri hem-de iki ýurt üçin gyzyklanma döredýän hyzmatdaşlygyň geljegi uly bolan ugurlar ara alyp maslahatlaşyldy.

Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasy dürli ugurlarda täze tehnologiýalaryň iň soňky gazananlaryny ornaşdyrmaga hem-de ykdysadyýeti yzygiderli döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen halkara hyzmatdaşlygyna aýratyn üns berýärler. Iki ýurduň ykdysady mümkinçiliklerini nazara almak bilen, taraplar bu ugurdaky gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmak barada pikir alyşmagyň zerurlygyny bellediler. Şeýle hem bu babatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-türk toparynyň, Işewürlik geňeşiniň we ikitaraplaýyn esasda geçirilýän sergileriň möhüm ähmiýete eýedigi aýratyn nygtaldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022
ENG TM РУС