Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmenistan - ABŞ” işewürler geňeşiniň ýolbaşçysyny kabul etdi

BT
Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmenistan - ABŞ” işewürler geňeşiniň ýolbaşçysyny kabul etdi
“Türkmenistan – ABŞ” işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşykda, Aşgabat, Türkmenistan, 2026-njy ýylyň 4-nji iýuny (Surat: “Watan” habarlar gepleşigi)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow penşenbe güni Aşgabatda “Türkmenistan - ABŞ” işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuarty kabul etdi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, Erik Stýuart amerikan işewür toparlarynyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini aýtdy. Ol ýurduň ykdysadyýetinde durnukly ösüşiň saklanýandygyny hem-de maýa goýum mümkinçilikleriniň giňeldilýändigini belledi.

Duşuşykda Türkmenistan bilen ABŞ-nyň döwlet edaralarynyň we hususy pudagynyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm orun eýeleýän “Türkmenistan - ABŞ” işewürler geňeşiniň işine aýratyn üns berildi. Taraplar bu geňeşi ykdysady we işewürlik gatnaşyklaryny pugtalandyrmak üçin netijeli meýdança hökmünde häsiýetlendirdiler.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň amerikan kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini nygtap, täze maýa goýum we täjirçilik taslamalaryna garamaga taýýardygyny aýtdy. Şeýle hem ol iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda yzygiderli dialogyň möhümdigini belledi.

Duşuşykda Türkmenistanyň “Boeing”, “General Electric”, “John Deere”, “Case New Holland” we “Nicklaus Design” ýaly amerikan kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk tejribesiniň bardygy bellenilip, iki ýurduň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine gyzyklanma beýan edildi.

Duşuşygyň jemleri boýunça, taraplar ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyryljagyna hem-de täze bilelikdäki başlangyçlaryň durmuşa geçiriljekdigine ynam bildirdiler.

2022