Türkmenistanyň Bilim ministrliginde bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýew ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary Sara Rojersiň ýolbaşçylygyndaky amerikan wekiliýeti bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrligi duşenbe güni habar berdi.
Duşuşykda 2023-nji ýylda gol çekilen Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamanyň we bilelikdäki Ýol kartasynyň çäklerinde iki taraplaýyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Taraplar bilelikdäki magistratura maksatnamalarynyň, şol sanda MBA maksatnamasynyň, iki diplomly bilim maksatnamalarynyň, okuw meýilnamalarynyň utgaşdyrylmagynyň hem-de professor-mugallymlaryň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagynyň wajypdygyny bellediler.

Amerikan tarapy alyş-çalyş maksatnamalarynda türkmenistanly gatnaşyjylar üçin orunlaryň sanyny artdyrmagy hem-de ABŞ-nyň bilim maksatnamalarynyň uçurymlary bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi teklip etdi.
Sanly bilim babatda ABŞ-nyň öňdebaryjy onlaýn bilim platformalaryna elýeterliligi giňeltmek, bilimleri halkara derejede bahalandyrmak we maglumat tehnologiýalary babatda öňdebaryjy synag hem-de sertifikatlaşdyryş ölçeglerini ornaşdyrmak meselelerine hem garaldy.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar hyzmatdaşlygyň bilelikdäki Ýol kartasyny döwrebaplaşdyrmagyň maksadalaýykdygy barada pikir alyşdylar. Täzelenýän resminamada sanly bilim ekoulgamlary, emeli aň tehnologiýalary, ýokary okuw mekdepleriniň halkara akkreditasiýasy we täze bilelikdäki uniwersitet taslamalary ileri tutulýan ugurlar hökmünde kesgitlendi.

















